Nowa   РусEngTkm

Content on this page requires a newer version of Adobe Flash Player.

Get Adobe Flash player

     
  Printed
Möhürli gutular


Four-flap
Gasynlanan gatykagyzdan ýasalan dört-gapakly guty


Self-assembling
Özüň ýagnamaly gutular


Pizza
Pissa üçin gutular

   

Gasynlanan gatykagyzdan ýasalan gaplaryň ulanylýan ýerleri

Gatykagyzdan ýasalan gap — önümiň hiliniň görkezijisidir.
Biz önümi almazdan ozal onuň gabyny üns bilen synlaýarys. Köplenç ony gaby biziň netijämizi kesgitleýär, ýagny aljagymyzy ýa-da başga önümleri synlamaga dowam etmegimizi. Gatykagyzdan ýasalan gaplaryň tapawutlary: ulagly äkidilende ýeterlik derejedä mäkäm bolmagy, ýeňil bolmagy, çap edilşiniň ýokary hilli bolmagy; şeýle hem çap edilenden soňky ulanylýan tehnologiýalar — kongrew nagyş basma usuly, folga bilen nagyş basma usuly, UF-laklama, boşluk ýelmeme. Beýleki gaplama görnüşlerinden tapawutlylykda, gatykagyza çylşyrymly şekil bermek arzan hem çalt amala aşyryp bolýar. Bu bolsa gatykagyz gaplama usulyny beýleki gaplama usullaryndan tapawutlandyrýar.

Biziň şereketimiz gasynlanan gatykagyzdan ulagly äkitmek üçin hem gaplary taýýarlaýar, olar dürli reňkli çap etme usuly, himiki, gurluşyk, azyk önümleri, mebeller üçin we beýleki önümler üçin taýýarlanylýar.

 
01 Azyk önümleri
  Häzirkizaman gasynlanan gatykagyzdan ýasalan gaplar azyk önümleri üçin hemme hil we howpsyzlyk standartlaryna laýykdyr, munuň esasy sebäbi bolsa ýokary tehnologiýaly gasynlanan gatykagyz we su esasyndaky boýagleryň ulanylmagydyr. Bu gaplama usuly dolylygyna iýmit önümleriniň sanitar-epidemiki sertikatlaryna gabat gelýär.
02 Senagat önümleri
  Senagat önümleri üçin gatykagyz gaplary — ulagly äkidilende zeperlerden goramgy. Senagat önümçiligi üçin dürli reňkli gatykagyzdan ýasalan gaplar öndürilýär.
03 Uly göwrümli ýükler
  Ulagda äkitmek üçin gaplar üç we bäş gatly gatykagyzdan öndürilýär we agyr ýükleri we uly göwrümli ýükleri äkitmek üçin ulanylýar.

Gaplamanyň başga görnüşleri
     
     
Baş sahypa|Kärhana hakynda|Önümler|Hyzmatlar|Habarlaşmak üçin   box@nowapack.com